Associated Press habarlar gullugy Taliban hökümetiniň wekiliniň sözlerine ​ salgylanyp, Owganystanyň günbataryndaky ýertitremesinde heläk bolanlaryň sanynyň 2000-den geçendigini habar berdi. Bu soňky 20 ýylda iň weýrançylykly ýertitremesidir. 7-nji oktýabrda, şenbe güni Hyrat şäherinden takmynan 40 km demirgazyk-günbatarda 6,3 ball magnitudaly güýçli ýertitremesi bolup geçdi, soňra ýene gaýtalanýan sarsgynlar boldy. Tebigy betbagtçylygyň netijesinde alty töweregi oba weýran boldy. Ýüzlerçe adam harabalygyň astynda galdy. Soňra 465 jaýyň weýran bolandygy we ýene 135-sine zeper ýetendigi habar berildi. BMG entek harabalygyň aşagynda-da ýene adamlar ​ bar bolsa gerek diýip habar berýär. 2022-nji ýylyň iýunynda Owganystanyň gündogarynda güýçli ýertitremesi bolupdy. Onda azyndan 1000 adam ýogalyp, ​ 1500 adam şikes alypdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir