6-njy oktýabrda — Hatyra gününde Türkmenistanda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary, şeýle hem ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar hasrat bilen ýatlandy. Paýtagtymyzdaky “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Paýtagtymyzyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumy milli gahrymanlarymyza çuňňur sarpanyň, halkymyzyň beýik geçmişine hormatyň özboluşly nyşanydyr. Ir bilen ildeşlerimiziň müňlerçesi “Ruhy tagzym”, “Milletiň ogullary”, “Baky şöhrat” ýadygärliklerine gül desselerini goýmak bilen, halkymyzyň gahrymanlaryny hatyraladylar. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. Gurban bolan Watan goragçylary we tebigy betbagtçylykda ömür tanapy kesilenler baradaky halk hasratynyň özboluşly sazly senasyna öwrülen gamgyn “Keçpelek” sazy ýaňlandy. Serdar Berdimuhamedow 1948-nji ýylyň ýertitremesinde gurban bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralamak üçin “Ruhy tagzym” ýadygärligine gül çemenlerini goýdy. Çäräniň dowamynda Serdar Berdimuhamedow faşizme garşy söweşde wepat bolan türkmenistanly esgerleriň hem-de mähriban Watanymyzyň erkinligi, onuň bagtyýar geljegi ugrundaky söweşlerde baş goýan gahrymanlaryň hatyrasyna bina edilen “Milletiň ogullary” we “Baky şöhrat” ýadygärliklerine gül çemenlerini goýdy. Hatyralamak çäreleri paýtagtymyzda bolşy ýaly, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem geçirildi, olaryň ruhuna aýat-töwirler okaldy we sadakalar berildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir