Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý kraý sebitiniň gubernatory Oleg Kožemýako türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny esaslandyryjy Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk hatyny iberdi. «Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Şu ýylyň awgust aýynda güýçli suw joşgunlary zerarly ejir çeken Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý kraý sebitiniň çagalaryna iberen kömegiňiz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin. Siziň goldawyňyz köp sanly adamlaryň öz öýlerini terk etmäge mejbur we gysga wagtda ähli zerur zatlaryndan mahrum bolan çylşyrymly pursadynda bahasyna ýetip bolmajak örän gymmatly kömek boldy. Men Siziň goldawyňyzy, aladalaryňyzy çuňňur hoşallyk duýgusy bilen kabul etdim we oňa ýokary baha berýärin. Iberen ynsanperwerlik kömegiňiz ejir çeken etraplaryň ýaşaýjylaryna gowşuryldy. Kynçylyklara parhsyz garamaýandygyňyz we agyr pursatlarda kömege gelmäge taýýardygyňyz üçin Size hem-de türkmen halkyna hoşallyk bildirýärin» - diýlip hatda bellenilýär. 24-nji awgustda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen hyzmatdaşlykda degişli harytlardan we azyk önümlerinden ybarat bolan ynsanperwerlik kömegi Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý kraý sebitine ugradyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir