Bir ýylyny HKS-da geçiren kosmonawt Frenk Rubionyň fiziki ýagdaýyny öwrenmek NASA-nyň hünärmenlerine adamy Marsa we yzyna uzak wagtlyk uçuşa taýynlamakda kömek eder. Bu barada NASA-nyň wekili Şon Fuller Bakuda geçirilen 74-nji Halkara astronawtlyk kongresiniň çäginde TASS-a habar berdi. Fuller: "Rubio häzir fiziki dikeldiş bejergisini alýar. Häzirki wagtda edýän işimiz gaty möhümdir: adamyň orbitada nädip uýgunlaşýandygyny, gaýdyp gelende bedeniniň nähili öwrenişýändigini barlag edýäris. <...> [Rubionyň tejribesi möhümdir] uzak wagtlyk uçuş, Marsa çenli bir ýyllyk ýoly geçmek barada pikir etseň: Marsda işlemäge we soňra yzyňa gaýdyp gelmek üçin ýene şonça ýol sökmäge nähili fiziki ýagdaý gerek "- diýdi. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň bu uçuşa entek uzak wagtlap taýýarlyk görmeli boljakdygyny we häzirki wagtda iň gowy netijeleri gazanmak üçin işjeň maglumat ýygnaýandygyny aýtdy. NASA-nyň wekili Rubionyň gonandan soň ýagdaýy barada-da durup geçdi. Onuň sözlerine görä, gonuş meýilnamalaşdyrylyşy ýaly geçdi, astronawt şol günüň özünde Hýustona bardy. "Ol kärdeşleri bilen 371 gün işlemekden hoşaldy. Bu ajaýyp mümkinçilik" – diýip, Fuller sözüniň üstüni ýetirdi. NASA-nyň resmi web sahypasyndaky maglumata görä, Marsa uçuş ýedi aý töweregi wagt alar, bu döwürde ekipažyň uçuş ýoluny sazlamak üçin birnäçe mümkinçiligi bolar; kosmos gämisi takmynan 480 million km ýol geçer.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir