Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Özbegistanyň lideri Şawkat Mirziýoýew bilen geçirilen gepleşiklerden soň, 7-nji oktýabrda Özbegistana Gazagystanyň üstaşyr Russiýanyň gazyny iberip başlamak dabarasy geçiriler. Dabara Putin, Mirziýoýew we Gazagystanyň Prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew gatnaşar. Putin: "Bu agzalan ulag ulgamlary açylany bäri onuň taryhynda ilkinji gezek bolup geçýär. Russiýada çykarylýan we asly rus gazy hiç haçan Russiýadan Orta Aziýa iberilmändi" - diýdi. Ol taraplaryň üpjünçilige gysga wagtda başlamaga razy bolandyklaryny we olar üçin amatly şertleriň döredilendigini sözüniň üstüne goşdy. "Biziň gazymyz Özbegistana Gazagystanyň üsti bilen iberiler. Ýangyjyň bir bölegi Gazagystana hem berler" – diýip, Russiýanyň Prezidenti belledi. Russiýanyň Energetika ministri Nikolaý Şulginow: "Gazagystan hem gazyň bir bölegini, hem üstaşyr tölegleri alar. Bu taslama hemmeleri kanagatlandyrar" - diýip, sözüniň üstüni ýetirdi. Şulginowyň sözlerine görä, Özbegistana we Gazagystana rus gazynyň iberilmegi bu ýurtlaryň energiýa howpsuzlygyny üpjün eder.