Iki ýapon kompaniýasy eýýäm geljegi uly modeliň – batareýa bilen işleýän ähli ýerde hereket etmäge ukyply kiçi ulagyň üstünde işleýärler, ol birbada birnäçe bazara, şol sanda Ýaponiýa, Ýewropa we Hindistan üçin niýetlener. BestCarWeb-iň habar bermegine görä, «Toyota» üçin elektrikli awtoulag 2021-nji ýylda tanyşdyrylan «bZ Small Crossover» konseptiniň önümçilik görnüşi bolar. «Toyota bZ Small Crossover» şol döwürde ilkinji çykyş ededöredilen prototipleriň arasynda ähli ýerde hereket etmäge ukyply iň ykjam ulagdyr. Konseptiň tehniki aýratynlyklary aýan edilmedi, ýöne käbir çeşmelere görä, onuň uzynlygy 4 metrden biraz gowrak bolar. Şeýlelik bilen, onuň önümçilik nusgasy «Yaris Cross-dan» hem has ykjam bolup biler. «Toyota» Ýaponiýanyň içerki bazaryna we Ýewropa üçin niýetlenen kiçi elektrik awtoulagyny taýýarlaýar: iki sebitde hem ykjam batareýa modelleri meşhurlyga eýe bolýar. Insaýderleriň maglumat bermeklerine görä, «Suzuki» uly bolmadyk awtoulaglary öndürmekde tejribesi sebäpli bu taslamada «Toyota-nyň» hyzmatdaşy boldy. «Suzuki-niň» özi şol bir platformada «Toyota» modelinden alan şassisiniň we hereketlendirijileriniň esasynda birneme ulurak, ýöne özboluşly keşbe eýe boljak elektrik awtoulagyny döredip biler. Täze önümiň çykjakdygyna eýýäm yşarat edilendigi çaklanylýar: ýanwar aýynda kompaniýa Hindistanda «eVX» konseptini görkezdi, ol ululygy boýunça «Hyundai Creta» golaýdyr.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir