«JapanMobilityShow» sergisiniň (Tokio halkara awtoulag sergisiniň) öňüsyrasynda «Nissan» awtokonserni «Hyper Urban» konseptual krossowerini tnyşdyrdy. Şou-kar «Nissan-yň» elektrik ulaglarynyň geljekde nähili boljakdygyny görkezmek üçin döredildi. «Hyper Urban» döredilende «Nissan-yň» dizaýnerleri ulag bilen daşky gurşawyň sazlaşygyny görkezmäge synanyşdylar. Awtoulagyň daşky reňki ýagtylygyň düşýän burçuna baglylykda üýtgeýär, interýeri bolsa şäher jaýlarynyň enjamlaşdyrylyşy bilen utgaşdyrmak üçin niýetlenendir, öň we yzky oturgyçlar diwana meňzeş oturgyç döretmek üçin birleşdirilýär. Şeýle hem täze tehnologiýalaryň peýda bolmagy bilen ulagy has-da döwrebaplaşdyrmak mümkindir. Hususan-da, konseptual krossoweriň gurallar paneli ony has täzesi bilen çalyşmak mümkinçiligine eýedir. «Hyper Urban» batareýasyny öý üçin hem ulanmak we artykmaç elektrik energiýasyny tor ulgamyna geçirmek mümkinçiligi bilen, elektromobilleriň ekosistemasyna integrasiýa üçin niýetlenendir.