«Universal Pictures» kinokompaniýasy Oskar baýragynyň eýesi Aleks Gibniniň «SpaceX» we «Tesla» kompaniýalaryny esaslandyryjy Ilon Mask hakynda «Mask» atly dokumental filminiň halkara hukugyna eýe boldy. Bu barada «Deadline» habar berýär. Hukuklary almak üçin gepleşikleriň Kann kinofestiwalynda geçirilip başlanandygy bellenilýär. Neşiriň habar bermegine görä, bahasy birnäçe million dollara deň bolan şertnama Kann bazaryndaky dokumental filmleriň arasynda iň irileriniň biridir.