Dubaýda Ginnesiň rekordy täzelendi – ol ýerde doly gurşap alýan täsirli iň uly interaktiw yşyk şüweleňi açyldy. Bu barada MIR 24 teleýaýlymy habar berýär. Doly gurşap alýan täsir giňeldilen hakykat funksiýalary bolan planşetiň kömegi bilen gazanylýar. Bu ýere gelýänleriň özi özboluşly mazmuny döredip we 360 derejeli lazer proýeksiýasyny düzüp bilerler. “Biz bu ýerde hemme zadyň nähili işleýändigini barladyk. Bu ýerde myhman hakykatdanam gümmez bilen täsirleşip biler. Eýýäm ýanwar aýynda her kim öz telefonyndan proýeksiýany dolandyryp biler "- diýip, taslamanyň ýerine ýetiriji döredijilik müdiri Amna Abulhul gürrüň berdi. Gümmez konsertleri we çykyşlary geçirmek üçin döredilipdir. Onuň "Al Wasl" ady arap dilinden terjime edilende "baglanyşyk" diýen manyny berýär. Ölçegi - 24 müň inedördül metrden gowrak. Ähli tarapdan duýgur ekran bilen enjamlaşdyrylandyr. Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi arbitry Alwalшd Osman gurluşyň binagärlik taýdan ajaýyplygyny we ony golaýdan görüp-duýanlar üçin ähmiýetini belläp geçdi.