Ýylyň iň uly awtomobil çäreleriniň biri bolan Ženewa halkara awtosalony (GIMS) myhmanlar üçin gapylaryny açdy. Bu barada tarantas.news habar berýär. 2023-nji ýylda Ženewa halkara awtosalony (GIMS) Şweýsariýada däl-de, Kataryň paýtagty Doha şäherinde geçirilýär. Sergi Geneva International Motor Show Qatar 2023 diýlip atlandyryldy. Bu awtosalon 5-nji oktýabrdan 14-nji oktýabr aralygynda dowam eder. Guramaçylaryň meýilnamalary boýunça, çäre 200 müňe golaý myhmany özüne çeker. Sergide köp sanly gyzykly täze awtomobil önümleri, konseptkarlar, elektrokarlar we awtomobil pudagynda innowasion tehnologiýalar hödürlener. Ilkinji iki gün (5-6-njy oktýabr) awtomobil sergisi “press day” diýlip atlandyrylan günüň çäklerinde diňe žurnalistler we tehniki hünärmenler üçin elýeterli boldy. 7-nji oktýabrdan 14-nji oktýabra çenli bolsa awtosalonyň gapylary dünýäniň täze önümleri bilen tanyşmak isleýänleriň hemmesi üçin açykdyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir