Amerikaly Simona Baýlz taryhda iň meşhur gimnastikaçy boldy. Ol çeper gimnastika boýunça dünýä çempionatynda ýeňiji bolandan soň bu ada eýe boldy. Ýaryş Belgiýada geçirildi. Dünýä çempionatynda eden çykyşlarynyň netijelerine esaslanyp, Baýlz jemi 58,399 utuk toplap, sportyň birnäçe görnüşi boýunça özbaşdak ýeňiji boldy. Ol brewnoda, erkin maşklarda, eliňi diräp bökmekde we pürsüň üstünde eden çykyşlarynda bu utuklary gazandy. Indi Simonanyň baýrak sanawynda dünýä çempionatynda we Olimpiýa oýunlarynda gazanan 34 medaly bar. Şu gün gazanan altyny bilen Baýlz çeper gimnastikanyň taryhynda iň meşhur türgen boldy. Diňe bir beýleki zenan gimnastikaçylaryň arasynda däl, eýsem, erkek gimnastikaçylaryň arasynda-da şonça medal gazanan türgeniň ýokdugy bellärliklidir. Indi medallarynyň sany boýunça ol Belarusyň gimnastikaçysy Witaliý Şerbodan (33) öňde barýar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir