«Ýuwentusyň» fransuz futbolçysy Pol Pogbanyň testosteron üçin tabşyran barlagy ýene-de položitel çykdy. Bu barada žurnalist Fabrisio Romano X (öňki Twitter) sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berdi. 11-nji sentýabrda ANSA agentligi “Udineze” (3:0) bilen Italiýanyň çempionatynyň ilkinji tapgyr oýnundan soň Pogbanyň testosterona tabşyran doping synagynyň položitel çykandygyny habar berdi. Oýunçy “Ýuwentus”-da oýnamakdan wagtlaýynça çetleşdirildi. Pogba 30 ýaşynda, 2018-nji ýylyň dünýä çempiony we 2016-njy ýylyň Ýewropa çempionatynyň kümüş medalynyň eýesi. Futbolçy karýerasynyň dowamynda iňlis “Mançester Ýunaýted”-indede oýnady. Ol Italiýanyň dört gezek çempiony, Ýewropa ligasynyň (2017) ýeňijisi we iki gezek milli kubogy eýeledi. Häzirki möwsümde Pogba Italiýanyň çempionatynyň iki oýnuna gatnaşdy. Ýedi tapgyrdan soň “Ýuwentus” 14 utuk toplap, sanawda dördünji orunda barýar.