Amerikanyň ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy emeli aň (AI) bilen işlemek üçin öz çiplerini döretmegi göz öňünde tutýar. Bu barada Reuters agentligi habar berdi. Onuň sözlerine görä, kompaniýa öz çiplerini öndürmek, häzirki üpjün ediji Nvidia Corp. bilen has ýakyn hyzmatdaşlyk etmek we beýleki üpjün edijileri çekmek meselesini ara alyp maslahatlaşýar. AI programmalaryny işletmek üçin gymmat çipleriň ýetmezçiligi meselesini çözmek üçin kompaniýanyň bu meseläni öwrenýändigi aýdylýar. OpenAI 2022-nji ýylda ulanyjylar bilen söhbetdeşlik tertibinde aragatnaşyk saklaýan ChatGPT hyzmatyny hödürledi. Söhbetdeşlik anyklaýjy soraglara jogap berip, ýalňyşlaryny boýun alyp, nädogry çaklamalara garşy çykyp we ýerliksiz haýyşlary ret edip biler. Hyzmatyň mümkinçilikleri köpçüligiň, şol sanda Russiýada hem, ünsüni özüne çekdi. 2023-nji ýylyň 14-nji martynda kompaniýa tebigy dili gaýtadan işlemegiň täze neslini - GPT-4 modelini hödürledi.