Google akylly sagatlaryň täze wersiýasyny - Pixel Watch 2-ni hödürledi. Her ýyl geçirilýän Made by Google çäresi korporasiýanyň resmi web sahypasynda efire berildi. Täze sagat dört ýadroly prosessor bilen enjamlaşdyrylandyr. Enjamyň zarýady hemişe ekrany ýakylgy ýagdaýda bir zarýadda bir güne çenli işlemäge mümkinçilik berýär. Zarýad bermegiň özi hem has çaltlaşdy – şeýlelikde, 30 minut berlen zarýad bilen 12 sagat işläp bilýär. Sagadyň içine Gmail we Google Senenama gurlandyr. Gurlan YouTube Music, Google Kartalar we Google Assistent ownuk täzelikleri aldy. Adam kyn ýagdaýa düşse, kömege gelýän funksiýalar peýda boldy. Mysal üçin, bu - lukmançylyk maglumatlary. Şeýle hem, Google sagadyň içine üç datçik gurup, ony dakynanyň öz saglygyna has gowy gözegçilik etmegine mümkinçilik döreder. Birinjisi, sagadyň öňki nesillerindäki ýaly, ýürek urmasyny ölçeýär, ýöne ol gurlan emeli aňyň kömegi bilen öňküsinden 40% gowulaşdy. Bedeniň temperatura datçigi babatynda hem edil şonuň ýaly. Täzelik - deriniň elektrik işjeňliginiň datçigi. Gajeti düzýän dizaýn we materiallar täzelendi – esasanam, gorag aýnasy enjamy öňküsindenem has köp örtýär. Korporasiýanyň wekilleriniň ynandyrmagyna görä, dakylanda has ýeňil we rahatdyr.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 6 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir