Italiýanyň Prada gözellik moda öýi 2025-nji ýa-da 2026-njy ýylda adamlaryň Aýa gonuşyny göz öňünde tutýan NASA-nyň Artemis kosmos missiýalary üçin täze skafandr döretmekde Axiom Space amerikan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk edýär. Bu barada Axiom Space-iň baş müdiri Maýkl Suffredini “Space News” neşirine aýtdy. Prada Axiom Space kompaniýasyna skafandryň göterijiniň hereketine päsgel bermän, kostýumyň içki gatlagyny Aý tozanyndan we daşky gurşawyň täsirinden goramaly bolan örtüginiň üstünde işleýär. Axiom Space we Prada NASA-nyň 228,5 mln dollarlyk sargydynyň çäklerinde Artemis missiýalary üçin täze skafandr döredýär. Amerikanyň kosmos agentligi hem Aýa uçuş, hem Halkara kosmos stansiýasy üçin kostýum satyn almakçy bolýar. NASA Prada-nyň taslama gatnaşmagyny goldady. Prada Group-yň marketing boýunça müdiri Lorenso Bertelli žurnalistlere kosmos üçin gorag enjamy taslananda esasy ünsüň onuň funksionallygyna gönükdirilýändigini aýtdy. Ýöne kompaniýa skafandra käbir dizaýn alamatlaryny berip biler.