Ýaponiýanyň robotlaşdyrylan ekzoskeletlere ýöriteleşýän Tsubame Industries kompaniýasy kosmosy öwrenmek üçin ulanylyp bilinjek Archax robokostýumyny hödürledi. Bu barada “Independent-e” salgylanyp, gazeta.ru habar berýär. 3,5 tonna agramly robokostýumyň beýikligi 4,5 metr bolup, bahasy 3 mln dollara durýar. Ol dört teker bilen üpjün edilip, iki režimde hereket edip bilýär: dikligine (robot režimi) we keseligine (ulag režimi). Dikligine robokostýum adamyň elleriniň we barmaklarynyň hereketlerini ýasap bilýär, keseligine bolsa tizligini sagatda 10 km çenli artdyryp bilýär. Robokostýumyň joýstikleriň we monitorlaryň kömegi bilen ony dolandyryp bilýän sürüji üçin kabinasy bar. Kabina robotyň göwresinde ýerleşip, oňa robotyň kellesinde we beýleki böleklerinde oturdylan kameralardan wideosignallar gelip gowuşýar. Robokostýumyň sürüjiniň rahatlygy üçin sowadyş we ýyladyş ulgamy hem bar. Archax ady guşa meňzeş dinozawrdan – arheopteriksden gelip çykýar. Robokostýumy işläp düzüjiler köplenç adamlar tarapyndan dolandyrylýan ägirt robotlaryň peýda bolan ýapon animesinden ruhlandylar. Tsubame Industries-iň ýerine ýetiriji müdiri Rýo Ýoşida robokostýumyň kosmosda we Ýerde çylşyrymly işleri ýerine ýetirmek üçin peýdaly gural boljakdygyna umyt bildirdi. Tsubame Industries ýakyn wagtda Archax robot-kostýumynyň bäş nusgasyny döretmegi we satmagy meýilleşdirýär.