Türki dilli döwletleriň Futbol assosiasiýalarynyň ýolbaşçylary 5-nji oktýabrda Daşkentde geçirilen duşuşykda milli we klub derejelerinde bilelikdäki halkara ýaryşlaryny guramak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Gyrgyzystanyň futbol birleşiginiň metbugat gullugynyň habaryna salgylanyp, Anadolu agentligi habar berýär. Maslahata Azerbaýjanyň, Wengriýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň futbol guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy. Duşuşyga Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň (AFC) we Ýewropanyň Futbol assosiasiýalarynyň birleşiginiň (UEFA) wekilleri hem gatnaşdy. Mundan başga-da, futboly ösdürmek we ýaýratmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Futbol hünärmenlerini, tälimçilerini, eminlerini taýýarlamak hem-de tejribeleri paýlaşmak, futbol assosiasiýalarynyň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselelerine aýratyn üns berildi. Duşuşyk FIFA-nyň goldaw bermeginde we gatnaşmagynda geçirildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir