Abu-Dabiniň TAQA milli energiýa kompaniýasy ýakyn wagtda BAE-de kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny ýylda 2,4 million tonna azaltmaga mümkinçilik berjek dünýädäki iň uly Gün elektrik stansiýalarynyň birini işe girizmegi meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň baş müdiri Jasem Huseýn Tabet aýtdy. "Täzelenip bilýän energiýa çeşmeleri babatynda, birnäçe hepdäniň içinde dünýädäki iň uly Gün fotoelektrik desgalarynyň birini açarys. Doly kuwwatynda işledilende, ol kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny ýylda 2,4 million tonna azaltmaga kömek eder" diýip, Tabet Abu-Dabide geçirilen ADIPEC sergisinde çykyş edende aýtdy. TAQA-nyň müdiriniň sözlerine görä, stansiýada öndürilen elektrik energiýasy bir kWt sagada 1,32 sent nyrhdan satylar we şeýlelikde, taslama “dünýäde ykdysady taýdan iň tygşytlylaryň birine” öwrüler. Stansiýanyň gurluşygy 2020-nji ýylda Abu-Dabiniň paýtagt emirliginde ýerleşýän Ad-Dhafra sebitinde başlandy. Taslamany durmuşa geçirmeklige TAQA kompaniýasy bilen bilelikde Emiratyň Masdar-y, Fransiýanyň EDF Renewables-i we Hytaýyň Jinko Power kompaniýasy gatnaşýar.