Tesla şu ýyl elektrik ulagy segmentinde dünýäde öňdebaryjy hökmünde adyny ýitirip biler. Firma ýylyň üçünji çärýeginiň netijelerini yglan etdi, bu Tesla bilen BYD-iň arasyndaky tapawudyň aňrybaş derejä çenli azalandygyny görkezdi. Bloomberg-iň hünärmenleri dördünji çärýegiň ahyryna çenli Hytaýyň konserniniň Ilon Maskyň kompaniýasyndan öňe geçip biljekdigini çaklaýarlar. Üçünji çärýekde Tesla müşderilere 435 059 elektrik ulagy iberdi. Kompaniýa çärýekde täze rekord goýup bilmedi: ikinji çärýek bilen deňeşdirilende üpjünçiligiň mukdary takmynan 30 müň birlik azaldy. Meşhur Model S bilen Model Y-nyň satuwlary umumy hasapda 16 müňden az boldy. Teslanyň pese gaçmagy dünýä lideridigine dalaş edýän hytaýly BYD konsernine onuň yzyndan ýeteňkirlemäge mümkinçilik berdi. BYD üçünji çärýekde 431 603 elektrik ulagyny satyp, amerikan kompaniýasy ondan bary-ýogy 0,8% öňde boldy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir