Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 5-7-nji oktýabrda resmi sapar bilen Russiýa barar we Prezident Wladimir Putin bilen gepleşikleri geçirer diýip, TASS habarlar gullugyna salgylanýan «Report.az» habar berdi. Prezident Wladimir Putiniň çakylygy boýunça Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 5-7-nji oktýabrda Russiýa Federasiýasyna resmi sapar bilen barar. Iki döwletiň Liderleri Moskwada gepleşikleri geçirerler, Özbegistanyň döwlet Baştutany şeýle hem RF-niň Hökümet başlygy Mihail Mişustin bilen duşuşar - diýlip, habarda aýdylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir