Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş ählumumy institutlaryň işinde özgertmeleriň zerurdygyny aýtdy diýip, TASS habar berýär. Ol Milletler Bileleşiginiň golaýda geçen 78-nji ýygnagynyň ýokary derejeli hepdeliginde dünýä döwletleriniň Liderleriniň häzirki köptaraply institutlaryň öz wezipelerine hötde gelip bilmeýändiklerini aýdyp, özgertmeleri geçirmäge çagyrandyklaryny sözüniň üstüne goşdy. Baş Assambleýada «Biziň umumy gün tertibimiz» diýen mowzuk boýunça çykyş eden Guterriş «ählumumy guramalaryň ykdysady hem-de syýasy ýagdaýlara laýyk gelmeýändigini» belledi. «Biziň özümizden soňra ýaşlara we geljek nesillere miras galdyrmaly planetamyzyň we howanyň ýagdaýy babatda çuňňur ynjalyksyzlanma bildirildi. Täze tehnologiýalar ulgamynda çäklendirmeleri we täze ýörelgeleri işläp düzmäge çagyryldy» diýip, Baş sekretar aýtdy. Antoniu Guterriş soňky birnäçe ýylda dünýäniň we halkara jemgyýetçiliginiň düýpli özgerendigini, BMG-niň öz iş usullaryny üýtgetmek boýunça möhüm tagallalary edýändigini habar berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir