Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Aşgabatda iş sapary bilen bolýan Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň (HGHK) Merkezi Aziýadaky sebit wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Žak Barberisiň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen HGHK-niň arasynda halkara ynsanperwer hukugynyň ýörelgelerini ilerletmek ugrundaky netijeli hyzmatdaşlygy beýan edildi. Habarda bellenilişi ýaly, taraplar özara gatnaşyklaryň häzirki gün tertibi barada pikir alyşdylar we mundan beýläk amala aşyryljak hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny kesgitlediler. Şeýle hem, Türkmenistan bilen Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň indiki ýyl üçin hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapy Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetiniň mümkinçiliklerini berkitmekde HGHK tarapyndan berilýän goldaw üçin hoşallyk bildirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir