89 ýaşly Şamyrat Nazarow Arkadag şäheriniň iň ýaşy uly ýaşaýjysy boldy. «Akylly» şäheriň iň garry ýaşaýjysy 1934-nji ýylyň 22-nji awgustynda öňki Gorjaw obasynda doguldy. Onuň dört ogly, alty gyzy, 43 agtygy, 74 çowlugy bar diýip, «Arkadag» gazeti habar berdi. — Dag eteginiň howasy arassalygy bilen jana şypa. Özümem daga, gaýra — guma gezelenje kän giderdim. Öňki adamlar hem: «Gorjaw, Babarap obalarynyň howasy, bagy-bakjasy, oty-çöpi dermandyr, Altyýabyň suwy tenekardyr» diýerdiler. Çyn şol. Men harby gullugy ýarawsyzlygym sebäpli, doly tamamlap bilmedim. Oba gelenimden soň saglygym allanäme dikeldi. Hak nazary düşen ýer-dä bu ýerler. Şondan soň agyr-u-ýeňil iş dannaman, zähmet çekilendir. Şükür, başymyň agyrany ýa bil agyryp, baldyr syzlany ýadyma düşenok. Ýogsam, agyr şertlerde işlänim üçin, 80-nji ýyllar hormatly dynç alşy teklip edipdiler — diýip, Şamyrat aga gürrüň berýär.