2023-nji ýylyň edebiýat boýunça Nobel baýragy norwegiýaly dramaturg Ýun Fosse berildi. Bu barada Şwesiýanyň akademiýasynyň Nobel komiteti yglan etdi diýip, TASS habar berýär. Edebiýatçy “düşündirip bolmaýan zatlary aýtmaga mümkinçilik berýän täzeçe pýesalary we prozasy” üçin baýragyň eýesi boldy. Fosse 1959-njy ýylda dünýä indi we Norwegiýanyň Bergen şäherinde ýaşaýar. Ol 1983-nji ýylda ilkinji gezek özüni görkezdi we dürli žanrlarda 40 kitap neşir etdi, olar şonça dile-de terjime edildi. Fosse Ýewropanyň iň meşhur dramaturglarynyň biridir. Onuň pýesalary 800-e golaý gezek sahnalaşdyryldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir