Nemes awtoulag öndürijisi «Audi» benzin bilen işleýän «Audi R8» sportkupesiniň ornuny tutjak elektrik awtoulagy öndürmegi meýilleşdirýär diýip, «Autocar» habar berýär. Munuň üçin «Volkswagen Group» kompaniýasynyň köp sanly täze awtoulaglary döredilen SSP platformasynyň elementleri ulanylar. «Audi-niň» tehniki direktory Oliwer Hoffmanyň bellemegine görä, «Audi TT-niň» we «R8-iň» ruhundaky sport awtoulaglaryny öndürmek üçin SSP arhitekturasynyň elementleri ulanylar. Çeşmede bellenilmegine görä, häzirki wagtda «Audi R8-iň» elektrik bilen işleýän oruntutarynyň üstünde işler batly depginde alnyp barylýar. Awtoulag öňki konsepsiýa esasynda dörediler – ol superkaryň häsiýetli aýratynlyklary we ýokary kuwwaty bolan iki gapyly kupe bolmagynda galar. Benzin bilen işleýän «Audi R8-iň» önümçiligi 2023-nji ýylda bes ediler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir