«Ozon» kompaniýasy «Ozon TV» akylly telewizorlar üçin öz operasion ulgamyny hödürledi. «Ozon TV» kompaniýanyň hususy markasy bolan «Hartens» telewizorlarynda gurnalar. Operasion ulgam «VK» we Russiýanyň telewizor öndürijisi «Kwant» bilen bilelikde işlenip düzüldi. «Ozonyň» «VK» bilen hyzmatdaşlygynyň çäginde täze operasion ulgam «RuStore» ykjam goşundylaryň dükany, şeýle hem «Marusýa» sesli kömekçi ýaly birnäçe hyzmatlar bilen üpjün ediler. «Marusýa» telewizora gözegçilik etmekden başga-da, howa barada habar berip ýa-da täzelikleri aýdyp biler, şeýle hem halanýan aýdymy açyp biler. «Hartens» telewizorlarynda «VK Video» we «VK Play» ýaly beýleki hyzmatlar hem elýeterli bolar. «Hartens» telewizorlarynyň synag tapgyry eýýäm satyn almak üçin elýeterli edildi. Kompaniýa ýylyň ahyryna çenli bazara, takmynan, 25 müň enjamyny çykarmagy meýilleşdirýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir