Soňky günlerde Amazonkada gurakçylyk we suwuň temperaturasynyň ýokarlanmagy sebäpli ýüzden gowrak jansyz delfin tapyldy. Mamiraua institutynyň habar berşi ýaly, soňky ýedi günde Tefe kölünde öli delfinler tapyldy. «Bu hadysanyň sebäbini anyk aýtmak üçin entek ir, ýöne hünärmenlerimiz munuň guraklyk möwsümi we Tefe kölüniň ýokary temperaturasy bilen baglanyşykly bolmagynyň ähtimaldygyny belleýärler, kölüň käbir ýerlerinde temperatura 39 gradusdan geçýär» diýlip, habar berilýär. Mamiraua institutyndan Aýan Fleýşman suwuň derejesiniň we temperaturasynyň delfinleriň köpçülikleýin ölüminiň «esasy faktorlardygyny» aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, beýleki sebäpler hökmünde keseliň ýaýramagy we suwuň hapalanmagy ýaly mümkinçilikler hem öwrenilýär. Alymlar we aktiwistler diri galan delfinleri Amazonkanyň suwuň has salkyn ýerlerine geçirmek arkaly halas etmäge synanyşýarlar, ýöne sebitiň uzaklygy sebäpli şeýle amallary amala aşyrmak kyn düşýär . Reňkleri sebäpli käwagt gülgüne delfinler diýlip atlandyrylýan Amazon delfinleri süýji suwda ýaşaýan görnüşlere degişlidir. Olaryň ýaşaýan ýerleri tutuş Amazonkany we oňa guýýan derýalary öz içine alýar. Bu delfinler ýitip gitmek howpy abanýan görnüşdir.