Meşhur TikTok sosial ulgamy ulanyjylara az-kem töleg geçirip mahabatlardan dynmaga mümkinçilik berýän täze aýratynlygy synagdan geçirýär. Bu barada Android Authority habar berýär. TikTok programmasynyň iň soňky wersiýasynda hyzmatyň mahabat görkezmeýän nyrh meýilnamasyny saýlamak mümkinçiliginiň bardygyny görkezýän kod setirleri peýda boldy. Ulanyjylar şahsylaşdyrylan mahabatlary öz içine alýan adaty mugt taryfa we aýda 4,99 dollar bahasy bolan mahabatsyz taryfa (Ad-free) girip bilerler. TikTok-yň wekilleri TechCrunch-a, hakykatdanam, tölegli taryfy “Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň daşyndaky iňlis dilli bazarlaryň birinde” synagdan geçirýändiklerini tassykladylar. Şeýle-de bolsa, kiçi göwrümli synaglaryň bu aýratynlygyň ýakyn wagtda goýberiljekdigini görkezýändigini inkär edýärler. 2023-nji ýylda X sosial ulgamynda (öňki Twitter) Telegram messenjerinde we beýleki hyzmatlarda tölegli abuna ýazylyşlar peýda boldy. Şeýle-de bolsa, bu taryflar diňe bir mahabaty öçürmek bilen çäklenmän, ulanyjylara mugt wersiýalarynda ýok goşmaça aýratynlyklary hem hödürleýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir