NASA-nyň Marsdaky Perseverance roweri äpet «tozan arwahyny» wideo düşürmegi başardy. Gyzyl planetada, köplenç, güýçli köwsarlaýan çäge tupanlary şeýle atlandyrylýar. Ýelli tupan harasadynyň beýikligi takmynan 2 kilometre, ini 60 metre ýetdi. Bu barada Space habar berdi. Rower, takmynan, 4 km uzaklykdaky nawigasiýa kameralaryndan birini ulanyp, adaty bolmadyk howa hadysasyny ýazga etdi. Enjam hersiniň arasyna 4 sekunt salyp 21 surat aldy. Wideoýazgy awgust aýynda edilipdi, ýöne olary öwrenmek üçin alymlara wagt gerek boldy. Gözlegçiler tüweleý gündogardan günbatara, Ýezero krateriniň golaýynda ýerleşýän Torofer gerşiniň golaýynda hereket edipdir diýen netijä geldiler. Tüweleýiň tizligi sagatda takmynan 19 km. Wideoýazgylarda tozan şeýtanyndan başga-da, Marsyň tozan we gaýa böleklerinden ybarat üstki gatlagyny – regoliti hem görmek bolýar. Geçen ýylyň dekabrynda Perseverance ýer ýüzündäki çägeli tüweleýleriň seslerini hem tapyp, ilkinji gezek “tozan şeýtanyny” ýazga almagy başardy.