5-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Aşgabatda iş sapary bilen bolýan Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň (HGHK) Merkezi Aziýadaky sebit wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Žak Barberisiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen HGHK-niň arasynda halkara ynsanperwer hukugynyň ýörelgelerini ilerletmek ugrundaky netijeli hyzmatdaşlygy beýan edildi. Türkmen tarapy Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetiniň mümkinçiliklerini berkitmekde HGHK tarapyndan berilýän goldaw üçin hoşallyk bildirdi. Taraplar özara gatnaşyklaryň häzirki gün tertibi barada pikir alyşdylar we mundan beýläk amala aşyryljak hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny kesgitlediler. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan bilen Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň indiki ýyl üçin hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.