Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti dünýäde tehniki ylymlaryň we bilimleriň ösmegine ýardam edýän abraýly gurama — Tehniki uniwersitetleriň assosiasiýasynyň agzasy boldy. Ýokary okuw mekdebi bu assosiasiýa agza bolmak bilen, onuň çäklerinde guralýan möhüm ähmiýetli ylmy maslahatlara, taslamalara we barlaglara gatnaşmaga mümkinçilik alar. Tehniki uniwersitetleriň assosiasiýasy 1993-nji ýylda Russiýanyň tehniki ugurly ýokary okuw mekdepleriniň başlangyjy esasynda döredildi. Onuň maksady tehniki ylymlary we innowasiýalary ilerletmek üçin halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekden ybaratdyr. Häzirki wagtda bu assosiasiýa Russiýanyň ähli sebitinden we oňa goňşy ýurtlardan 132 ýokary okuw mekdebi agza bolup durýar. Bu gurama bilimiň hilini ýokarlandyrmak, ýaş alymlary goldamak we halkara tejribeleri alyşmak üçin dürli çäreleri guraýar. Assosiasiýanyň çäklerinde guralýan olimpiadalar, bäsleşikler, festiwallar, maslahatlar, okuw seminarlary, sergiler we beýleki çäreler yzygiderli guralýar. Mundan ozal, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty, Inžener-tehniki we ulag-komunikasiýalar instituty, Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk instituty we Döwlet energetika instituty bu assosiasiýanyň agzalary bolupdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir