Norwegiýada şor suwy süýjediji täze ulgam bilen tanyşdyryldy diýip, «Habar 24» ýazýar. Ýerli kompaniýalaryň biri 400 metr çuňlukda işleýän ýörite enjama patent aldy. Ulgam duzly suwy süzýär, şunda oňa az energiýa gerek bolýar. Enjam günde süýji suwuň 50 million litrini öndürmäge ukyplydyr. Bu ilaty 400 müň adam bolan şäheri içimlik suw bilen üpjün etmek üçin ýeterlikdir. Enjamy döredijiler her ýyl guraklyk we daşky gurşawyň hapalanmagy bilen baglylykda barha ýitileşýän suw meselesini çözmäge goşant goşýandyklaryny aýdýarlar.