Şu günler Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikaýyl Jabbarow Türkmenistanda saparda bolýar. Ozal habar berşimiz ýaly, dostlukly ýurduň ministri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Mikaýyl Jabbarow saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen hem duşuşdy we ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdy diýip, «Trend.az» Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministrligine salgylanyp habar berýär. Duşuşykda iki ýurduň ýolbaşçylarynyň syýasy erkiniň, ýokary derejeli saparlaryň, duşuşyklaryň we çäreleriň ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmeginde möhüm orun eýeleýändigi nygtaldy. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň netijesinde söwda-ykdysady gatnaşyklar hem giňelýär, şeýle-de ýurtlaryň bilelikdäki işleri we ykdysady hyzmatdaşlygy sebitiň ösmegine goşant goşýar diýlip, habarda aýdylýar. Duşuşykda iki ýurduň arasynda energetika, ulag, maýa goýum, söwda, oba hojalygy, medeni, ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ykdysadyýet ministri Mikaýyl Jabbarow Türkmenistana saparynyň çäginde «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew bilen hem duşuşdy. SOCAR kompaniýasynyň wekilleriniň hem gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda energiýa pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, uglewodorod baýlyklaryny bilelikde gözlemek we ösdürmek, şeýle-de birnäçe taslamalary durmuşa geçirmek barada pikir alşyldy. Mikaýyl Jabbarowyň Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Bilelikdäki azerbaýjan-türkmen hökümetara toparynyň egindeş başlygy Batyr Atdaýew bilen geçirilen duşuşygynda toparyň nobatdaky mejlisini geçirip, ikitaraplaýyn söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem işewür toparlaryň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek babatynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine seredildi. Ykdysadyýet ministri Mikaýyl Jabbarow bilen wise-premýer Batyr Amanow energetika pudagynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşiniň geljegini we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini gözden geçirdiler. SOCAR-yň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda gol çekilen energetika resminamalarynyň hyzmatdaşlygy giňeltmäge möhüm goşant goşýandygy aýdyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir