Günorta Afrika Respublikasynda gytlyk sebäpli towuk ýumurtgasynyň bölekleýin söwdasyna çäklendirme girizildi, muňa ýurtda guş dümewiniň möwç almagy sebäp boldy diýip, «MIR 24» habar berýär. Häzirki wagtda müşderi altydan köp ýumurtga satyn alyp bilmeýär, söwda nokatlarynda ýumurtga gytlygy gitdigiçe ýokarlanýar, girizilen çäklendirmeler hem milli bazarda ýagdaýy kadalaşdyrmagy başarmady diýlip, habarda bellenýär. Häzir guş dümewi GAR-da towuklaryň 30 göterime golaýynyň, ýagny 7,5 million sanysynyň gyrylmagyna getirdi, keseliň möwjeme merkezi Gauteng ülkesi bolup durýar. Towuk etidir ýumurtgasynyň ýetmezçiligini aradan aýyrmak üçin ýurduň hökümeti gyssagly ýagdaýda olaryň importyna rugsatnama berdi diýip, SABC radioýaýlymy habar berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir