2023-nji ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy ABŞ-nyň 644,767 million dollaryna barabar boldy. Muny şu günler Türkmenistanda saparda bolýan Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikaýyl Jabbarow mälim etdi diýip, «Trend.az» habar berdi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan kabul edilen Mikaýyl Jabbarow bu görkezijiniň, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2,7 esse köpelendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, ministr hasabat döwründe Türkmenistanyň bu ýurtda importynyň 56,622 million dollara, eksportynyň bolsa 588,145 million dollara ýetendigini mälim etdi. Ozal Mikaýyl Jabbarowyň Aşgabatda birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklara gatnaşandygyny habar beripdik.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir