Siriýaly suratkeş Mohammad al-Olabi kendiriň ýerine könelen halylary ulanyp, özboluşly sungat eserlerini döredýär diýip, «Habar 24» ýazýar. Köne halylary oňa tanyşlary we goňşulary getirýärler. Halylaryň köpüsiniň reňki solup, görküni ýitiren hem bolsa, Mohammad üçin olar ylham çeşmesidir. 52 ýaşly suratkeşiň sözlerine görä, onuň döredijiligi halylara ikinji ömür eçilýär. Ussadyň işleri Siriýada we daşary ýurtlarda geçirilýän sergilerde görkezilýär.