2022-nji ýylda Türkmenistan we Germaniýa diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygyny bellediler. Bu döwürde iki ýurduň arasynda özara gatnaşyklaryň ösmeginde uly ösüşler gazanyldy. Aýratyn hem, saglygy goraýyş, maliýe, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we daşky gurşawy goramak ýaly ugurlar hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarydyr diýip, Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mihael Uwe Birhoff 2-nji oktýabrda Germaniýanyň Agzybirlik güni mynasybetli geçirilen dabarada aýtdy. Bellenişi ýaly, türkmen-german ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy depginli ösdürilýär. Şeýle hem ilçi Türkmenistan bilen Germaniýada ýokary derejeli hünärmenleri, işgärleri taýýarlamak, oba hojalygyny döwrebaplaşdyrmak, senagat önümçilik tehnologiýalaryny mundan beýläk-de ösdürmek we türkmen ýaşlaryna nemes dilini öwretmek boýunça teklipleri öňe sürmek ýaly möhüm meseleleriň üstünde üstünlikli işleýändigini aýtdy. Mundan başga-da diplomat noýabr aýynda Germaniýada nemes-türkmen ykdysady forumyny geçirmek bilen bagly guramaçylyk işleriniň hem alnyp barylýandygyny, ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Berline amala aşyran iş saparynyň ýokary ähmiýete eýe bolandygyny nygtady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir