Demirgazyk Koreýadan agyr atletikaçylar Ri Son Gum we Kan Hýon Ýong Aziýa oýunlarynda, degişlilikde, 49 we 55 kg çenli agram kategoriýalarynda zenanlaryň arasynda dünýä rekordlaryny goýdular. Bu barada championat.com habar berýär. Ri silterläp götermekde 92 kg we itekläp götermekde 124 kg galdyrdy, bu hem oňa 216 kg netijäni, şeýle-de dünýä rekordyny we altyn medaly berdi. Öňki dünýä rekordy 215 kg bolup, üç hepde öň goýlupdy. Kan silterläp götermekde 103 kg we itekläp götermekde 130 kg galdyrdy (jemi 233 kg), bu hem 55 kg çenli agram kategoriýasynda iň gowy netijedir. Öňki rekord 227 kg bolup, 2019-njy ýylda goýuldy.