Toyota kompaniýasy ýolsuz ýerden ýöremäge ukyply täze ykjam awtoulagyny işläp taýýarlaýar. Bu awtoulag Ford Bronco-nyň bäsdeşleriniň birine öwrüler. “Carscoops” neşiriniň nygtamagyna görä, awtomobiliň premýerasy Japan Mobility Show sergisinde bolar diýip, autonews.ru belleýär. Deslapky maglumatlar boýunça, täze awtoulag Land Hoper adyny alar. Öň hut şu at Ýaponiýada Toyota tarapyndan hasaba alnypdy. Resmi däl maglumatlara görä, awtoulagyň bahasy 27 müň dollardan arzan bolar. Awtomobil ABŞ-da, Ýewropada we Awstraliýada satylar. Awtoulagyň dizaýny Compact Cruiser EV konseptini ýatladar diýlip pikir edilýär. Ýöne, prototipden tapawutlylykda, awtomobil diňe bir elektrik güýç gurluşy bilen hödürlenmez. Ýagny, Land Hoper-i Corolla Cross-dan we RAV4-den nusga edinjek benzin hereketlendirijileri bilen hem satyn almak bolar. Şeýle-de, müşderilere täze awtoulagyň gibrid görnüşleri hem hödürlener.