iPhone 15 -iň aşa gyzmagy bilen baglanyşykly mesele iOS 17 programma üpjünçiliginiň täzelenmesinde çözüler diýip, The Wall Street Journal Apple smartfon öndürijisine salgylanyp habar berýär. "Biz iPhone-yň garaşylyşyndan has gyzmagyna sebäp bolup biljek birnäçe şerti kesgitledik" – diýip, kompaniýanyň wekili mälim etdi. Onuň sözlerine görä, smartfon şu aşakdaky sebäpler bilen bagly gyzyp biler: adaty sazlama sebäpli, sebäbi ulanylyşyň ilkinji günlerinde iPhone, adatça, gaty gyzýar; iOS näsazlyklary sebäpli - Apple iOS 17-de "programma üpjünçiliginiň täzelenmeginde çözüljek" bir näsazlygy tapandygyny aýtdy; smartfon ulgamyna “artykmaç agram düşmegine” sebäp bolýan üçünji tarap programmalary. Apple -iň goldaw sahypasynda enjam aşa gyzsa, temperaturany sazlamak üçin, içerki böleklerinde goragyň işjeňleşýändigi aýdylýar. Şeýlelik bilen, iPhone aşa gyzanda smartfon zarýada birikdirilen bolsa, zarýad almagyny bes edip biler ýa-da ekrany garaltmak bilen öçürip, kameranyň fleşkasyny wagtlaýyn söndürip, öndürijiligini peselder. Mundan başga-da, enjam “iPhone sowamaly” diýen degişli duýduryşy görkezip biler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir