Meta kadalaşdyryjy edaralaryň geçiren barlagyna jogap hökmünde Ýewropa Bileleşiginde (ÝB) ýaşaýan ulanyjylar üçin Facebook-yň we Instagram-yň tölegsiz, mahabatsyz görnüşlerini goýbermegi göz öňünde tutýar diýip, Nýu-Ýork Times gazetine salgylanýan Reuters ýazýar. Abuna ýazylanlar mahabat görmezler, şol bir wagtyň özünde Meta ÝB-de programmalaryň mugt, mahabat goldawly wersiýalaryny hödürlemegi dowam etdirer. Bu barada Metanyň meýilnamalaryny bilýän deňine üç sany çeşme habar berdi. Bu ädim, ulanyjylara adamlaryň maglumatlaryny seljermäge esaslanýan kompaniýanyň mahabat hyzmatlaryna alternatiwa bermek arkaly, Meta gizlinlik meselelerini we ÝB-niň beýleki barlaglary bilen bagly meseleleri çözmäge ýardam berer. Meta Ýewropa Bileleşiginiň monopoliýa garşy düzgünleşdirijileriniň nyşany astyna düşdi we ol iýul aýynda ulanyjylaryň razylygyny almazdan oňa ulanyjylaryň maglumatlaryny ýygnamagy gadagan edýän, Germaniýanyň 2019-njy ýyldaky kararyna garşy göreşde ýeňildi. Iň soňky maglumatlara görä, tölegli abunanyň bahasy aýda 14 dollar.