Şwesiýanyň Patyşalyk ylymlar akademiýasy 2023-nji ýylyň himiýa boýunça Nobel baýragynyň eýelerini yglan etdi. Olar amerikalylar Mungi Bawendi we Luis Brýus hem-de russiýaly Alekseý Ýekimow boldy. Bu barada TASS habar berýär. Baýrak “kwant nokatlarynyň açyşy we sintezi üçin” berildi diýlip, akademiýanyň habarynda aýdylýar. “Kwant nokatlarynyň köp sanly gyzykly we üýtgeşik aýratynlyklary bar. Olaryň ölçegine baglylykda dürli reňklere eýe bolýandygyny bellemek möhümdir” – diýip, himiýa boýunça Nobel komitetiniň başlygy Ýohan Okwist belledi. Kwant nokatlary nanobölejikler bolup, olaryň ölçegi olaryň aýratynlyklaryny kesgitleýär. Olar QLED tehnologiýasy boýunça yşyk diodlaryny, mysal üçin, telewizorlaryň displeýleri üçin, ulanylýar, şeýle-de lukmançylykda peýdalanylýar. “Ýekimowa we Brýusa birek-birege garaşsyz kwant nokatlaryny döretmek başartdy, Bawendi bolsa himiki önümçilikde rewolýusiýany amala aşyrdy” – diýip, akademiýa düşündirýär. Gözlegçiler geljekde kwant nokatlarynyň çeýe elektronikany, kiçijik datçikleri, has inçe Gün elementlerini we şifrlenen kwant aragatnaşygyny döretmäge ýardam etjekdigini çaklaýarlar.