4-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýoly bilen beýik geljege tarap» atly maslahat geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan guralan çärä ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylar şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy ähmiýetini belläp geçdiler. Türkmen döwletiniň mundan beýläkki ösüşi boýunça milli maksatnamalara we strategiýalara aýratyn üns berildi. Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň talyplarynyň guramagynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary biz» atly edebi-sazly kompozisiýa görkezildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir