2030-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlaryny alty ýurt kabul eder. Bu barada Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) metbugat gullugy habar berdi. Ýaryşyň esasy ýer eýeleri Ispaniýa, Portugaliýa we Marokko bolar. Dünýä çempionatynyň ilkinji üç oýnuny Argentina, Paragwaý we Urugwaý kabul eder. Ýaryşyň finaly Madridde «Santýago Bernabeu» stadionynda geçiriler. Dünýä çempionatynyň oýunlary ilkinji gezek dürli yklymlarda geçiriler. «FIFA-nyň Geňeşi 1930-njy ýylda ilkinji gezek Urugwaýda geçirilen futbol boýunça dünýä çempionatynyň 100 ýyllygyny bellemek barada biragyzdan karar kabul etdi. Netijede, baýramçylyk Günorta Amerikada geçiriler, Günorta Amerikanyň üç ýurdy – Urugwaýyň, Argentinanyň we Paragwaýyň hersinde 2030-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň bir oýny bolar. Bu üç oýnuň ilkinjisi, elbetde, ähli zadyň başlanan meýdançasynda – Montewideodaky mifiki «Sentenario» stadionynda oýnalar» diýip, FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino belledi. «Şeýle hem FIFA-nyň Geňeşi 2030-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatyna ýer eýeçiligini etmek boýunça ýeke-täk ýüztutmanyň Marokkonyň, Portugaliýanyň we Ispaniýanyň bilelikdäki dalaşgärliginiň boljakdygy barada biragyzdan ylalaşyga geldi» diýip, ol sözüniň üstüne goşdy. 2034-nji ýyldaky dünýä çempionatyny geçirmek hukugyna diňe Aziýa we Okeaniýa ýurtlarynyň ýüz tutup biljekdigi bellendi. 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir