4-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowy kabul etdi. Netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda söhbetdeşler deňhukuklylyk, ynam we özara düşünişmek esasynda guralýan döwletara dialogynyň ýetilen ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Umumy pikire görä, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparyna uly orun degişlidir, bu topar tarapyndan özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça toplumlaýyn işler geçirilýär, olaryň amala aşyrylmagy iki tarapyň bähbitlerine, şeýle hem sebit we ählumumy derejede Durnukly ösüş maksatlaryna laýyk gelýär. Dünýä bazarynda energiýa serişdelerine islegiň barha artýandygyny hasaba almak bilen, iki goňşy ýurt üçin nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meselesi möhüm bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany ýurdumyzyň mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek boýunça azerbaýjan tarapynyň tekliplerine garamaga taýýardygyny nygtady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir