4-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gozalowy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy. Duşuşygyň dowamynda soňky ýyllarda türkmen-azerbaýjan syýasy dialogyň okgunly ösdürilýändigi, ýokary derejedäki özara saparlaryň yzygiderli amala aşyrylýandygy, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ugry boýunça işjeň gatnaşyklaryň saklanylýandygy nygtaldy. Taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklaryny, energetika howpsuzlygy we ulag-üstaşyr geçelgeleri boýunça netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Döwlet Baştutany we Azerbaýjanyň doly ygtyýarly wekili bilim, ylym, medeniýet we sungat ugurlaryndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, ylmy institutlaryň arasynda tejribe alşylmagyny dowam etmegiň, iki dostlukly halklaryň medeniýetlerini özara baglanyşdyrýan gatnaşyklaryň berkidilmegini üpjün edýän bilelikdäki medeni çäreleri geçirmegiň wajypdygyny nygtadylar.