Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella ýurduň Wenesiýa şäheriniň ýakynynda bolan, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren awtobus heläkçiligi zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan, gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi. Wenesiýada Mestre we Margera etraplaryny birleşdirýän demir ýollaryň ugrunda syýahatçylar bolan awtobus beýiklikden ýere gaçdy. Italýan neşirleriniň 3-nji oktýabrda agşam habar bermeklerine görä, ýol-ulag heläkçiliginde azyndan 21 adam, şol sanda 3 sany çaga aradan çykdy. 15 adam şikes aldy, şolaryň bäşisi agyr ýagdaýda. Wenesiýada pida bolanlaryň hormatyna matam yglan edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir