4-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň dokuz aýynda alyp baran işleriniň jemlerine garaldy. Mejlisiň barşynda, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmagyň we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşynyň barşy barada habar berdi. Baş prokuror S.Mälikgulyýew prokuratura edaralarynyň ulgamyny ösdürmegiň Maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Içeri işler ministri M.Hydyrow şu ýylyň ýanwar--sentýabr aýlarynda tertip-düzgüni berkitmek, düzgün bozulmalaryň öňüni almak, ähli ýerlerde ýangyn howpsuzlygynyň talaplaryny berjaý etmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew milli kazyýet ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek maksady bilen, görülýän çäreler barada hasabat berdi. Milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew degişli döwürde ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Ýurdumyzda durnukly jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýy we asudalygy üpjün etmek bu işiň esasy ugrudyr. Munuň özi eziz Watanymyzyň döredijiligiň we okgunly ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe gitmeginiň möhüm şerti bolup durýar. Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak boýunça ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, harby gullukçylaryň gullugy we ýaşaýyş-durmuşy üçin göwnejaý şertleriň döredilmegi, degişli düzümiň döwrebaplaşdyrylmagy boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi. Adalat ministri M.Taganow milli kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek, ony halkara hukugynyň kadalaryna laýyk getirmek, bu ulgamda dünýäniň iň gowy tejribesini öwrenmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew hasabat döwründe bu düzümiň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, onuň bölümlerini, edaranyň esasy wezipelerini talabalaýyk ýerine ýetirmek üçin niýetlenen döwrebap tehniki serişdeler bilen üpjün etmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow ugurdaş maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrmak, sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.