3-nji oktýabrda Aydym.com studiýasynda Türkmenistanyň halk artisti, aýdym-saz sungatynyň ägirdi Atabaý Çarygulyýewiň doglan gününiň 65 ýyllygy hem-de ussat halypamyzyň körpe uýasy Bägül Nurmyradowanyň “Atabaý Çarygulyýew Garaşsyzlyk döwrüniň sungat äleminde” atly täze kitabynyň çap hem-de audio nusgasynyň çykmagy mynasybetli “Bagşy – ýürekleriň nagşy” atly we “Ýol gözledim, ýüreklerde ýer etdim, Siz üçin ölmejek aýdym döretdim” şygary bilen dabaraly çäre geçirildi. Dabara meşhur režissýor Gülälek Hezretgulyýewa tarapyndan gurnaldy. Türkmenistanyň halk artistleri Gülşat Gurdowa, Kerim Gurbanalyýew, Maral Durdyýewa, Züleýha Kakaýewa dagy, şeýle-de Kakadurdy Täjimow, Sädi Sädiýew, Gasan Mämmedow ýaly ussatlar, Atabaý Çarygulyýewiň dogan-garyndaşlary, dost-ýarlary, muşdaklary hem-de ýurdumyzyň meşhur sazandalarydyr ussat kompozitorlary bu dabaranyň hormatly myhmanlary boldular. Dabara gatnaşanlar halypanyň ömür we döredijilik ýoly barada ýakymly ýatlamalar bilen çykyş etdiler. Şeýle-de, dabaranyň dowamynda Atabaý Çarygulyýewiň döredijilik ýörelgesinden ugur alyp, öz aýdymlary bilen çykyş edýän ýaş aýdymçy Rahym Gökdepeliniň “Watan saňa” atly ilkinji albomy hödürlendi. Ol dabarada ussat halypamyzyň “Ýazgül”, “Gözelim” ýaly diňleýjileriň ýüreginde orun alan aýdymlaryny ýerine ýetirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir