Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ýürek-damar we daýanç-hereket ulgamlarynda ejir çekýän çagalaryň 180-sine çylşyrymly hirurgiýa operasiýalaryny geçirmek boýunça işlerini maliýeleşdirdi. Bu barada Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlanyp geçirilen maslahatda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-usuly merkeziniň direktory Täzegül Saryýewa mälim etdi. Bellenişi ýaly, ýurdumyzyň birnäçe ýaşajyk raýatlary Gaznanyň hasabyna lukmançylyk barlaglaryny geçip, bejergi üçin gerek bolan bejergi serişdelerini aldylar. Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna etrap merkezlerindäki hassahanalaryň çagalar bölümlerine tiz kömek ulaglary sowgat berildi. Şeýle hem, Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna, bejergi işlerini alan çagalar saglyklaryny berkitmek üçin Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine ugradyldy.